SÄHRAM — BU SEN HAKDA

Jöwza ýene dolandy bu öwrüme,
Sähra onuň şatlygy hem agysy.
Aýagmy bişirdi Günüň howruna,
Bagry ýanyp ýatan türkmen çägesi.

Ýöräp barýan sähraň belent-pesinden,
Soňabaka ädilmeýär aýagym.
Ho-olha, bir kiçijik depäň üstünde,
Çopan ýigit galdyrypdyr taýagyn.

Dym-dyrslyk çar ýana gözüm aýlaýan,
Diňe jöwza ýanýar, ahmyry bar deý.
Käte çöp-çalamyň başyn aýlaýar,
Mesgeni ýok kaňkap ýören tüweleý.

“Jemalyň daragty” aglaýar sessiz,
Jemaly soradym, elimi serdim.
Daragt diýdi: “Wah, galdym-la, höwessiz,
Kalbym paralama, gozgama derdim”.

Hiňleneýin ykbalyňa garylyp,
Pata alyp, Pyragynyň beýdinden.
Sähram, durkuň bilen daşa öwrülip,
Diňle, heniz diňlenmedik aýdym men.

Şähribossan

Leave a comment