Lut kowumy

Kurany-Kerimde Lut kowumy barada: “Luty hem ýatla. Ol olara (öz kowumyna): «Siz mundan öň älemde hiç kimiň etmedik wejera (erkek erkek bilen jynsy gatnaşyk, beçebazlyk) işini edýäňizmi?» diýdi?” (Agraf, 7/80) diýilýär.

Muňa nähili düşünmeli, ondan öň ol iş edilmänmi?
Elbetde, bu ýigrenji duýgy ähli milletlerde, hatda haýwanlarda-da bolup biler. Munuň ýöriteläp Lut kowumy bilen baglanyşdyrylmagynyň düýp sebäbi, ol milletiň bu bihaýaçylygy tutuş millet bolup etmekleridir. Hawa, olarda jemgyýet durşuna şol “kesele” ýolugandy diýsegem boljak. “Älemde mundan öň hiç kimiň etmedik işi…” diýlen sözüň bir manysy şol. Ýagny bu söz: “Jemgyýet bolup ýer ýüzünde bu işi ilkinji gezek siz etdiňiz” diýmegi aňladýar. Edil şu günki gün buny kanunlaşdyran döwletleriň bolşy ýaly. Ol milletler bu işi bolaýmaly adaty zada öwürmäne çalyşýarlar. Ýöne, bu meseläniň başga bir tarapy-da bar. Olam, bu ýigrenji ýokanç keseliň, bir gün ol milletleriň bütinleý ýok bolup gitmegine sebäp boljak, olaryň ahyryny getirjek, Allanyň gazabyna duçar etjek bir kesel bolmagydyr.

One thought on “Lut kowumy

  1. LGBTQ diýip kesgitlediler we mümkin bolan iň ýaýbaň şekilde halkara derejede mahabat edýärler.TED sahnalary,aýdym,film,hatda (iň söýýänim dokumental film) ,,Human”-da-da bar.Ýylyň kesgitlenen günlerinde ýöriş geçirýärler, älemgoşar ýaly reňkli resmi baýdaklary bar.Aýdymlarda bu temany agzamak zeruryýeti-de döränok,klibyň ahyrynda baýdak parladýarlar, tamam.Homosexualism’e (eşcinsel) negatiw garaýanlary,tankyt edýänleri medeniýetsiz, dar düşünjeli ( bu nukdaýnazardan men hem ,,dar düşünjeli”) hökmünde sypatlandyrýarlar.Özleri bolsa siwilizasiýanyň depesine çykan ,,giň düşünjeliler”.

    Lezbiyen, başka bir kadına fiziksel ve/veya duygusal çekim hisseden kadındır.[1][2] Lezbiyen, eşcinsel kadın anlamına gelmektedir. Hem kadınlara hem de erkeklere çekim hisseden kadınlar ise biseksüeldirler.
    Kadınlar arası aşka değinen bilinen en eski yazılı kaynaklar Antik Yunan’a dayanmaktadır. Lesvos (Midilli) adasında yaşayan Sapfo, başka kadınlara yönelik cinsel çekimini açıkça ortaya koyan şiirler yazmıştır. Buna karşın, yine bazı antik kaynaklar Sapfo’nun erkeklerle de aşk ilişkisi yaşadığını dile getirmektedir. Hatta, Tyreli Maximus Sapfo’nun kendi okulundaki kızlarla olan ilişkilerinin platonik olduğunu iddia etmiştir.

    ,,Gardaşlar,gün-günden beter bolupdyr,
    Ýyl-ýyldan betgatlar gelse gerekdir.
    Hamr (şerap) içip-u zyna kylan jahanda,
    Belli meşhur bolup dursa gerekdir…”
    Magtymguly Pyragy

Leave a comment