DÜRLER…

Ahmet Hamdy Tanpynar

  • Biz pikirlerimizi, umuman, egnimizde göterýäris.
  • Öz barýan ýolunyň dogrudygyna ynanmak adama duşman ordasynyň içinde-de güýç berer.
  • Garşy durmaga gaýraty bolmadyk, kynçylyga döz bilmeýän biriniň aýgytly hereket etmäge gaýraty çatmaz.
  • Adam ruhy bu älemde hojaýyndyr.
  • Zuluma razy boldugyňça has beter zulumlar dörär gider oturar.
  • Ýürekden söýýän adam söýgisiniň deregine zat hantama bolmaz.
  • Jogapkärçiligini çekip biljek pikirleriň adamsy bolmaly.
  • Adalatsyzlyga her gezekki göz ýumuşyň has beter adalatsyzlygyň döremegine getirer.
  • Hiç bir millet öz şahyrynyň beýikligine başga milletiň üsti bilen göz ýetiren däldir.
  • Adam wagt diýlen siliň öňünde ýok bolup gitmäge mejburdyr, ýöne onuň akyly bakylyk asmanynda ýyldyz kimin parlar.
  • Adam ogly gorkýan barlykdyr.

Hiç bir millet öz şahyrynyň beýikligine başga milletiň üsti bilen göz ýetiren däldir.

Leave a comment