HATAM TAÝ…

Tygşytlylyk, kanagatlylyk we mertebe

Şu ýerde tygşytlylygyň adamyň mertebesini beýgeldýändigini we ony kämilleşdirýändigini görkezýän bir wakany gürrüň bereýin:
Sahylygy bilen meşhur bolan Hatamtaý adamlara zyýapat berip, myhmanlaryna halat-sarpaý ýapýan günleriniň birinde çöl-beýewana gezim etmäge çykan eken. Ol ýolda odun ýygyp ýören bir garyp goja gabat gelýär. Gojanyň ýagyrnysy odunlyk çetilerden ýaňa gara-gan bolupdyr. Hatamtaý goja ýüzlenip:

  • Hatamtaý gaty myhmansöýer adammyş‚ onuň ýanyna barsaň, oňat hezzetleýärmiş, myhmanlaryna halat-serpaý ýapyp, köp zat eçilýärmiş. Senem beýdip, bäş şaýlyk odun-çöp diýip azara galyp ýörmän, onuň ýanyna baraýsaň bolmaýamy?! Senem bäş ýüz şaýly-ha bolardyň – diýipdir. Şonda ol kanagatly goja:
  • Hatamtaýyň minnetini çekenimden, onuň öňünde kiçelenimden, çerkez-çeti daşap, gün görenim has gowudyr – diýip jogap beripdir.
    Şondan esli wagt geçensoň Hatamtaýdan:
  • Sen özüňden has mert‚ has mertebeli adamy gördüňmi? – diýip soranlarynda‚ çöl-beýewanda gabat gelen şol kanagatly gojany salgy beripdir.

Leave a comment