Men ýol bererin

Dünýäniň aýşy-eşretinden ýüz öwrüp ýaşamagy özüne ýörelge edinen pelsepeçi Diogen bir gün darajyk köçeleriň birinden geçip barýarka baýlygyndan başga zada guwanmaýan, tekepbir bir adam bilen pete-pet gelýär. Şol dar ýoldan ikiň birden geçmek hyllalla eken. Şonuň üçin tekepbir baý Diogene kemsidiji nazaryny dikip:

 – Men  haýsydyr bir ýeňiýoluga ýol bermerin – diýipdir. Diogen bolsa, gyra süýşüpdir-de, adaty asuda ýagdaýyny saklap:

Men ýol bererin diýip jogap beripdir.

Leave a comment