Bagt näme?

Bagt kynçylyklara, hasrata döz gelip «bagtly ýaşajak» diýip bilmekdir.

Bagt uzakdan däl-de, özüňe juda golaý ýerden agtarylmaly hazynadyr.

Bagt aýlanyp-dolanyp öz-özüňi açyş etmekdir.

Bagt özüň kimdigine göz ýetiren pursatyňdyr.

Bagt saýlan ýoluňa bütin ömrüňi bagş etmekdir.

Bagt durmuşyň synaglaryna döz gelmekde ýetip boljak iň soňky derejedir.

Bagt durmuşyň manysyny artdyrjak paýhas güýjüniň kemala gelendigine göz ýetirmekdir.

Bagt öz-özüň bilen, özgeler bilen hem-de tutuş barlyk bilen ysnyşykda ýaşamagyň eçilýän hyjuwyny hemişe duýup ýaşamakdyr.

One thought on “Bagt näme?

  1. ,,Bagt – baryp ýetmeli menziliň däl-de, seniň öz döretmeli ahwalyňdyr”.
    ,,Öleňde kim aglar” Robin Şarma

    ,,Özüňi bagtly saý bir ajap pursat,
    Sen begenip bilseň adaty zada”.
    Gurbannazar Ezizow

    Bagt eken bagt hakda hyýal ýüwürdip,
    Goýnuna ýetmäge synanmaklygam.
    Begenmeli zada begenip çyndan,
    Gynanmaly zada gynanmaklygam.
    Kakamyrat Rejebow

Leave a comment