Jennetiň gapylary

Şägirtleriň biri halypasyndan:

– Halypa, siz näme üçin sazy beýle gowy görýärsiňiz? – diýip sorapdyr.

Halypasy oňa şeýle jogap beripdir:

– Sebäbi saz meniň üçin jennetiň gapylarynyň jygyldysydyr.

Şägirt halypasynyň içini ýakjak bolup:

– Men-ä jygyldaýan gapylary halamok – diýipdir. Onsoň, halypasy oňa şeýle jogap beripdir:

Sebäbi sen jennetiň gapylarynyň jygyldysyny diňe ýapylanda eşidýärsiň. Men bolsa, şol gapylaryň jygyldysyny açylanda eşidýärin.

Leave a comment