
Günlerde bir gün sahylygy bilen meşhur bolan Hatam Taý uly meýlis gurapdyr. Ol gelen myhmanlara halat-serpaý ýapyp ýörkä, bir sebäp bilen çöle gezim etmäge çykypdyr. Görse, garyp bir goja çölde ýandak ýatyryp, şony arkasy bilen daşap ýörmüş. Üstesine, ýandagyň tikeni gojanyň tenine batyp, ýagyrnysyny persala edýärmiş. Hatam Taýyň oňa biçak nebsi agyrypdyr. Ol goja ýüzlenip:
– Şu golaýda Hatam Taý meýlis gurap, gelene halat-serpaý ýapýarmyş. Senem şol meýlisde görnäýmeli ekeniň. Ýandak daşap günde bäş teňňeden köp gazanýan dälsiň. Hatam Taý bolsa, saňa myhman hökmünde bäş ýüz teňňe sowgat bererdi – diýipdir.
Şonda goja Hatam Taýa:
– Men ýandak daşap gün görýän hem bolsam, minneti öz egnimden çekýärin. Hatam Taýyň minneti asyl derkaryma däl – diýip jogap beripdir.
Soň-soňlar, bir gün Hatam Taýdan:
– Sen şu dünýede özüňden has jomart, has mertebeli adam gördüňmi? – diýip soranlarynda, ol ilki ýokardaky wakany gürrüň berip, yzyndan şeýle diýipdir:
– Çölde maňa duş gelen şol kanagatly gojany özümden has jomart, has mertebeli hasaplaýaryn.

,,Rızkımı veren Hüda’dır,
Kula minnet eylemem”.
İmameddin Nesimı