Garyplyk

Dünýä belli brendler üçin geýim öndürýän kompaniýalaryň birinde işlän döwrümde satylmadyk geýimleriň zibil gutusyna taşlanýandygyny görüp geň galdym. Başlygyň ýanyna baryp:

– Bulary zibile taşlanymyzdan garyp-gasarlara paýlasak gowy dälmi? – diýip soradym.

Başlyk maňa şeýle jogap berdi:

– Biziň önümlerimizi diňe baýlar satyn alyp bilýär. Eger bu geýimleri garyp-pukaralaryň egninde görseler, olar halamaz. Onsoň, brendimiziň gymmaty gaçar we biz zyýana galarys.

Şol gün bir zada göz ýetirdim: garyplary doýrup bilmeýänimiz üçin däl-de, baýlary doýrup bilmeýänimiz üçin garyplygyň soňy gelmeýär eken.

 Çarlz BUKOWSKI

One thought on “Garyplyk

Leave a comment