Agaçlar

Bir gün tokaýdaky agaçlar ýerli-ýerden gykylyklaşyp başlapdyrlar. Muny eşiden garry agaçlar:

 – Näme bolýar? Gykylygyňyz näme? – diýip soranlarynda, körpe daragtlar:

– Bir çetden barymyzy pürdäp başladylar. Näkesiň biri elindäki kesgir demir bilen öňünden çykany ýatyryp gelýär – diýip jogap beripdirler.

Onsoň, garry agaçlar olary köşeşdirjek bolup:

– Gorkmaň! Derrew aljyrabermäň! Siz hany aýdyň, şol adamyň elinde demirden başga zat barmydy? Onuň elinde, heý-de, biziňkilerden birini gördüňizmi? – diýipdirler.

Körpe daragtlaryň bary biragyzdan:

– Hawa, gördük. Şol adamyň elindäki kesgir demriň sapy biziňkilerdendi – diýşipdirler. Ine şonda, goja daragtlaryň ýüzleri ak tam bolupdyr:

 – Ana indi welin, bizde gorkmaga doly esas bar. Sebäbi ata-babalarymyz: «Duşmanyň arasynda biziňkilerden bir bar bolsa, ana şonda gorkuberiň» diýip ýöne ýöre aýdan däldirler.

Leave a comment