Hakyň tarapy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda raýatlyk urşunyň başlan ýyllary prezident Linkoln Waşingtondaky uly kiliseleriň birine barýar. Şonda kilisäniň ruhanysy janyndan syzdyryp prezidente şeýle diýýär: «Jenap prezident! Bu kyn göreşde Taňrynyň biziň tarapymyzda bolmagyny diläp doga edeliň!». Linkoln bolsa, oňa agraslyk bilen şeýle jogap berýär:

Taňrynyň hakyň tarapyndadygyna hiç hili şübhäm ýok. Esasy zat meniň we milletimiň hakyň tarapyndalygy ýa däldigi. Ine, meniň bar pikir edýän zadym şol. Şonuň üçin hem Taňrydan diňe hakyň tarapynda bolmagy dileýärin. Başga zat dilämok!

Leave a comment