Turist

Daşary ýurtda syýahat edip ýören turistiň biri mebelsiz öýde ýaşaýan dindar adam bilen gabatlaşypdyr. Dindaryň öýüniň bar goşy kitaplardan ybarat eken. Turist geň galyp, ondan:

– Seniň öýüňde näme üçin mebel ýok? – diýip sorapdyr. Dindar hem onuň sowalyna sowal bilen jogap beripdir:

– Ýeri, seniň näme üçin mebelleriň ýok?

Turist oňa:

– Men turist ahyry. Bu ýere ýöne bir wagtlaýyn gelen adam – diýipdir.

Ine onsoň, dindar oňa şeýle jogap beripdir:

Menem edil sen ýaly-da!

Leave a comment