
Bir alym şägirtleri bilen derýanyň gyrasynda üýşüp otyrka, şägirtleriň biri ondan:
– Ussadym! Eger aýagym taýyp, suwa ýykylsam gark bolarmykam? – diýip sorapdyr. Ussady oňa şeýle jogap beripdir:
– Suwa ýykylanyň bilen gark bolmarsyň, oglum! Suwdan çykmasaň, ana şonda gark bolarsyň!

Suwa ýykylmak – ýalňyş,günä iş etmek.
Suwdan çykmazlyk – toba etmezlik, gaflata düşmek.Örän ajap hekaýat,hem çuňňur manyly,şol sanda-da ýylgyrdyjy degişme häsiýeti-de bar.
,,Bu gün ýaşaýyş beren suw – ertir seni demikdirip öldürip biler”. J.Rumy