Indeý

Amerikan işewürleriň biri «Aýlaň-çaýlaň edip geleli» diýip, indeý dostuny täze satyn alan sport ulagyna mündürýär. Münüp münmänkä-de, bar güýji bilen gaza basyp, ulagyny örän ýokary tizlikde sürüp ugraýar welin, gorkudan ýaňa indeýiň ýüregi agzyna gelýär. Ýöne ol şonda-da sesini çykarman oturýar. Aýlanyp bolansoňlar, indeý ulagdan düşýär-de, asfaltyň üstünde bagryny berip ýatýar. Işewür geň galyp, ondan:

– Bu näme etdigiň bolýar? – diýip soraýar. Şonda indeý:

Ruhumyň bedenimiň yzyndan ýetmegine garaşýaryn – diýýär-de, sözüniň üstüni ýetirýär: – Sebäbi siz ösen siwilizasiýa ýetjek bolup, ynsanyň gursagynda ýerleşýän iň ähmiýetli zadyny öldürdiňiz!

One thought on “Indeý

  1. ,,Dur sen, saklan, tizlik söýen adamzat,
    Geçäýmäwer sen öz bagtyň deňinden”. G.Ezizow

    Surat hem gowy eken.Ejemiň:,,Il bir ýa:na – sen bir ýa:na” diýýäni ýaly.

Leave a comment