
Daşarda şatylama sowuk höküm sürýärdi. Üstesine gar syrap, nirä ýöreýäniňi hem biler ýaly däldi. Şeýle aýazly howada bir derwüş eginbaşy sal-sal bolan bir gula gabat gelýär. Guluň sowukdan ýaňa eňekleri şakyrdap, endam-jany saňňyl-saňňyl edýärdi. Derwüşiň oňa nebsi agyrýar. Ol:
– Hojaýynyňa näme üçin galyňrak eginbaş äber diýeňok? – diýip, soranynda gul oňa:
– Men oňa näme üçin beýle diýip aýdaýyn?! Näme ol meniň halymy görmän durmy? Meni meniň özümden has oňat tanaýan birinden men näme soraýyn?! – diýip, jogap berýär.
Derwüş muny eşidip ýaraly ýolbars ýaly nagra çekýär-de, özünden gidýär. Esli wagt geçensoň essine gelen derwüş öz-özi bilen gürleşýän ýaly pyşyrdap şeýle diýýär:
– Hakyky ýolbelede duşdum. Hakykata ýetmegiň ýoluny hökman ýaňky guldan öwrenmeli.
* * *
Bizi özümizden has oňat tanaýan biriniň bardygyna göz ýetirmek üçin daşymyzdaky barlygy synlamak ýeterlik. Gözümiz haýsy zatda eglense, şol zadyň hökman biziň bilen dahylly tarapy bar. Älem-jahanda ynsan bilen dahylly bolmadyk hiç zat ýok. Hamana diýersiň tutuş älem biziň göwnümizi görmek üçin işläp duran ýaly. Diýmek, bizi tanaýan biri bar. Şol Biribary tanamaklyk bolsa, meger, biziň iň mukaddes borjumyz bolsa gerek. Borçlaryň tertibi çalşylýandygy üçin, ynsanyň paltasy mydama daşa degýär. Degmelem…

Hekaýatdan göwnüm suw içmedi,gowşagrak.Çünki çaprazlyk bar.
,, Meni meniň özümden has oňat tanaýan birinden men näme soraýyn?! – diýip, jogap berýär.”
,,Meni meniň özümden has oňat tanaýan BIRI”- muňa asla şübhe ýok.Emma ,,Men näme soraýyn (haýyş edeýin,diläýin)” bu jümlä derwiş özünden gitmeli däl.
Sorag we dileg etmek ynsany ynsan edýän beýiklikler.M.Pyragy ,,Näme SEN?” ritoriki sowally şygrynda:
,,Asla seni görmemişem, dildarym!
Gumrymy sen, bilbilmi sen, näme sen?!
Gamgyn köňlüm hyýalyňda aldaram,
Bag içinde gülgülmi sen, näme sen?!”
sowaldan beýik oýlaryň döreýändigini görýäris.Meselem,biziň näçe sanymyz ALLAH’yň jemaly nähilikä diýip oýlanýarys?Özüm-ä bu şygyrdan öň bu mesele hakda oýlanmak aklyma-da gelmändir.Çünki wagtymyzy we pikirlerimizi bihuda,paýda bermejek zatlara gidirýäris.Bu başga gürrüň,temadan daşlaşmaýyn.
…2-njiden dileg-doga ynsany beýgeldýär.Elbetde, Ýaradan öz bendesiniň kynçylykdadygyny bilýär,emma oňa şol kynçylyk hem gözlerini ýaşlap dileg etmegi üçin berilenokmy näme? Pyragy:
,,Ýazygymny ýada salyp, ýüzüm ýuwsam ýaşlar bile”.
Hekaýatdaky hyzmatçy eýesinden dileg etmän biler.Çünki dileg edende eýesi husytlyk edip bermän biler.Emma derwüşiň EÝE’si bu we ähli nogsanlyklardan päk…
Dogry, belkem derwusi ozunden gidirer yaly yagday doran daldır. Hekayany biraz haysy tarapa ceksen cekip oturmaly. Siz – dileg etman yatmak musulmana yaraşmaz diyip dusunipsiniz. Men şeylerak dusunipdim: Gülün eyesine bolan ynamy(tewekkul duygdusy) şeyle bir guycli welin, ol hojayinin hacan hem bolsa birgun ozune don geydirjegine cirksiz ynanyar. Eğer derwusem Hudaya edil yankı gulun hojayinina ynanyşy yaly ynanyp bilse, imanyn curbaşyna cykardy…
Arapça wkl kökünden gelen tawakkul توكّل “güvenme, inanma, özellikle Allah’a güvenme, kadere razı olma” sözcüğünden alıntıdır. Bu sözcük Arapça wakala وَكَلَ “güvendi” fiilinin tafaˁˁul vezninde V. masdarıdır. (Nişanyan sözlük)
,,Töwekgel et, halkasyny gurup bar…
Töwekgel et, Taňra tabşyr işiňi,
Sabyr bilen biter tiz hem bolmasa”.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda ,,tewekkül” sözüni ,,töwekgel” görnüşde neşir edýärler.Çünki,ol söz halk içinde üýtgeşmä sezewar bolupdyr.
Töwekgel – Näme bolsa şol bolsun diýip hereket edýän, soňuna garamaýan. (Düşündirişli sözlük).
Gynandyryjy ýeri düýp manysy ýitipdir.Meselem, men tewekküliň nämedigini bilsem-de şol nukdaýnazardan bakyp bilmändirin…
hawa kabır sözlerin manysyny gaytadan dikeltmek gaty kyn dusyar. şol sozlerı hakyky dogry manysynda kop ulanyşa gırızmelı.