Şapygy we patyşa

Bir gün Ymam Şapygy patyşanyň ýanynda otyrka, patyşany uky basmarlapdyr. Patyşa ýaňy bir irkilipdir hem welin, siňek gelip onuň ýüzüne gonupdyr. Onsoň, patyşa şarpyk bilen öz ýüzüne urup, siňegi kowmakçy bolupdyr. Emma siňek uçup giden ýaly etse-de, ýene dolanyp gelipdir-de, patyşanyň ýüzüne gonupdyr. Siňegiň derdinden ýaňa halys ýatyp bilmedik patyşa ymam Şapyga ýüzlenip:

— Allatagala siňegi ýaradyp näme etjekdikä? – diýipdir. Şonda Ymam Şapygy oňa:

— Zalymlykdan ýüz öwürmeýän ganojaklaryň aslynda ejizdiklerini olaryň hut özlerine görkezmek üçin ýaradan bolsa gerek — diýip, jogap beripdir.

* * *

Ejizlik we mätäçlik ynsanyň ömür baky iki hemrasy. Ynsan kim bolanynda-da, nirede bolanynda-da, eger gaflat ukusynyň humary başyny sämetmedik bolsa, özüniň çäksiz ejizligine hem mätäçligine göz ýetirip biler. Diýmek, ynsanyň bu iki hemrasy ony çäksiz gudratyň we çäksiz rehmetiň gapysyna eltsin diýlip berlen bolsa gerek…

Leave a comment