
Öňem danalaryň biri nebsine gulluk edip ýören halyna «Azatlyk gerek!» diýip, bogazyny ýyrtyp gygyrýanlara şeýle ýüzlenipdir:
— Eý, akmaklar! Siz küje, azatlyk küje?! Siz ilki bilen özüňizi nebsiňizden halas ediň ahyry. Onsoň, azatlykmy näme gerek bolsa, arkaýyn talap ediberiň!
