Eýgermek

Günlede bir gün patyşa obanyň içi bilen geçip barýarka, mekdepde sapak okalyp durandygy görüp, içerik giripdir. Mugallym gapdan gireniň kimdigini bada-bat tanapdyr. Şeýle-de bolsa, ol hiç zat bolmadyk ýaly bolup, sapagyny okatmaga dowam edipdir. Sapak gutaryp, çagalar öýli-öýüne gaýdansoň, mugallym baryp patyşanyň aýagyna ýykylypdyr. Hormatsyzlyk edendigi üçin, uzur ötünip ýalbarypdyr. Patyşa mugallymyň bu hereketini äsgermezçilik saýyp, birbada gatyrganjak bolupdyr:

— Sen beýle hormat goýasyň gelýän bolsa, ýaňy synpa giren badyma näme işlediň?

— Birje çemçe ganymy geçseňiz, bary zady düşündirip biljek patyşahym!

— Hany düşündir onda düşündirýän bolsaň?

— Patyşahym! Bu garagol çagalar dünýede zory meniňki ýaly güýçli başga adam bardyr öýdenoklar. Eger olaryň ýanynda size aşa hormat goýýandygymy görkezen bolsadym, onda olar: «Bäh, mugallymdan hem ýokarda adam bar eken-ow» diýerdiler. Şeýlelikde, meniň aýdanymy diňlemezdiler, meni äsgermezdiler. Soň olar maňa asla eýgertmezdiler.

Leave a comment