
Iňlis dilinde «full of yourself» diýen frazeologik söz düzümi bar. Göni manysynda alanyňda «öz-özüň bilen doly bolmak» diýen manyny aňladýar. Emma mälim bolşy ýaly, frazeologik birlikler iki ýa-da ondan köp sözden ybarat bolup, ýeke-täk düşünjäni aňladýar. Olar başga bir dile sözme-söz terjime edilmeýär. Şonuň üçin hem ýokarda agzalan durnukly söz düzümini türkmen diline «ulumsy, tekepbir, gopbamsy» diýen manyda geçirmek bolýar.
Men bu söz düzüminiň haýsy rowaýatyň esasynda dörändigini, ýa-da onuň mazmunynda nähili taryhy wakalaryň, faktlaryň ýatandygyny biljek däl. Ýöne onuň örän paýhaslylyk bilen oýlap tapylandygy welin arkaýyn aýdyp biljek. Sebäbi ulumsy adam hakykatdan hem «öz-özi bilen doly», öz-özünden göwni bitgin bolýar. Pyragynyň «Kemlik eýle – kemal bar, menlik etme – zowal bar» diýdigi hem, bir tarapdan «öz-özüň bilen doly bolma» diýdigidir. Sebäbi özünden başga zat bilen doly bolmadyk adam özünden başga zady görmeýär. Özüniň «ruh» atly aýnasyndan şöhlelenýän Güneşiň aslynda diňe şöhlelenmeden ybaratdygyna, şol Güneşiň gözbaşyny özünden däl-de, has başgarak ýerden agtarmalydygyna düşünmeýär. Öz aýnasynda şöhlelenýän Güneşe özüdir öýdýär. Beýle adama «zowalyň» bardygy hem hut şonuň üçindir.
Wagt çäkli, ömür gysga, edilmeli işler köp, hemme zada ýetmek mümkin däl. Şonuň üçin hem herdem hyýal bolup ýaşamagyň hiç hili manysy ýok. Nämä hökman ýetilmelidigi, nämä ýetilmäýeninde-de aýbynyň ýokdugy barasynda düýpli pikir ýöredip, özümizi «özümiz» bilen doldurmagyň deregine ýagty pikirler, nurly hikmetler bilen doldurmak, goý, biziň her birimize nesip etsin!
