Gün tertibi

«Özgäniň» belleýän gün tertibi boýunça ýaşamak dogrymyka? Jemgyýetiň esasy bölegi, heý-de, bu barada pikir edýärmikä? Gynansak-da, adamlaryň köpüsi «özgeler» tarapyndan özlerine bellenen gün tertibinden gyşarman ýaşaýarlar. Diňe jemgyýetiň juda öz bölegi öz gün tertibini özi belleýär. Elbetde, olar bu ýoly saýlap almak bilen ýekirilmeleriň, ýanalmalaryň, çetleşdirilmeleriň hem-de gynamalaryň dürli görnüşlerine döz gelmeli boljakdyklaryndan habarsyz hem däl bolsalar gerek. Şeýle-de bolsa, olar jemgyýetiň esasy ýüküni eginlerine almaga mejbur bolýarlar. Iň bolmanda, «muňa mejburdyrys» diýip ynanýarlar. Şeýle ynanja gulluk edýän adamlaryň köpeldigiçe jemgyýet hakyky manyda öz wezipesini berjaý edip başlar. Ýogsa, «özgeleriň» görkezmesi boýunça hereket edýän jemgyýetiň nirä ýüzüni öwürseň şo tarapa eňýän sürüden enaýy däldigi köre-de mälimdir.

One thought on “Gün tertibi

Leave a comment