
Ikindi wagty bir balykçy deňziň kenarynda balyk tutup oturanmyş. Balykçy çeňňegine balyk ildigi ur-tut jübüsinden çyzgyç çykaryp, balygyň boýuny ölçäp görýärmiş. Eger balyk 25 sm-den uzyn bolsa, yzyna oklaýarmyş, kelte bolsa-da bedresine salýarmyş.
Bu balykçyny bir adam uzakdan synlap oturan eken. Balykçynyň uly balyklary deňze oklap, kiçi balyklary alyp galýandygy bada-bat onuň ünsüni çekipdir. Ol bilesigelijilik bilen balykçyň ýanyna gelip:
− Näme üçin uly balyklara degmän, kiçi balyklary alýaňyz? – diýip sorapdyr.
Balykçy oňa gysgaça şeýle jogap beripdir:
− Sebäbi sajym 25 sm-den uly däl.
Soňky birki asyr bäri adamzat açgözlük bilen gör nijeme «çeşmeleri» guratdy. Megerem, açgözlük şu asyryň iň uly apatlarynyň biri bolsa gerek. Adam ogly janly-jandarlara Ýaradany ýatladýan alamatlar hökmünde garamagy öwrenýänçe, bütin barlygy özüne boýun etjek bolup gezer. Adam ogly «sajynyň» uly däldigine göz ýetirýänçä, asla açgözlük belasyndan dynyp bilmez.

Salam, jenap, Azat! Saýtyňyza ýerleşdirmegi teklip etjegim ýazgylar bar.Haýsy salga ugradyp bilerin? Internet juda pesligi üçin ugradyp boljagy ikiuçly bolsa-da, kiçijik umyt…
beyanlar@protonmail.com
Şu adrese ugradayin: beyanlar@protonmail.com