Kazynyň hökümi

Nýu-Ýork şäheriniň öňki häkimleriniň biri bolan La Guardiýa käte kazynyň wezipesini hem ýerine ýetirýän eken.

Gyşyň aňzakly sowuk günleriniň birinde üst-başy eleşan gojany «nanbaýdan çörek ogurlady» diýip kazyýete getiripdirler. Goja kazynyň öňünde özüniň gabahat iş edendigini boýun alypdyr.

Kazy La Guardiýa gojadan:

 − Näme üçin ogurlyk etdiňiz? − diýip sorapdyr.

Goja:

− Maşgalam, çagalarym aç otyr, onsoň nalaç çörek ogurlamaly boldum − diýip jogap beripdir.

Kanunyň öňünde hemme kişi deň dälmi eýsem?! Şonuň üçin La Guardiýa gojany hem sylap durmandyr. Oňa 10 dollar pul jerimesini tölemegi höküm edipdir. Yz ýany bilen hem zaldaky oturanlara ýüzlenip şeýle diýipdir:

− Size-de üýtgeşik bir sowgat garaşýar. Häziriň özünde her biriňiz 50 sent jerime tölemeli bolarsyňyz. Sebäbi biziň şäherimizde bir adam «çagalarym aç ölmesin» diýip çörek ogurlaýan bolsa, onda muňa azda-kände siz hem günäkär bolýarsyňyz.

Kazynyň karary ýerine ýetirilip, zalda oturanlardan jemi 50 dollar ýygnalypdyr. Goja kazyýetiň binasyndan jübüsi 40 dollarly çykyp gaýdypdyr.

Birek-biregi günäkärläp, kazyýetiň üstüni alyp durmagyň deregine biri-birimize söýget bolup, arkalaşmagy öwrenmegimiz gerek.

One thought on “Kazynyň hökümi

  1. Goňşusy çörek diläp alyp gitdi.Hz Aly aglamaga başlanynda, hz Fatma ondan näme üçin aglaýanyny soranda Allah’yň şiri ( Esedullah) aýtdy:,,Goňşularym şu derejedäki ahwala gelýänçä, men olaryň halyndan habar almandyryn…”
    * * *

    biri-birimize söýget bolup, arkalaşmagy öwrenmegimiz gerek. ~Kyssahan~

    ,,Söýgi-söýgi diýişsek-de,
    Asyl, söýeg islär göwün”.
    ~Kakamyrat Rejebow~

Leave a comment