
Ýanwar aýynyň sowuk günleriniň birinde Waşingtonyň metro duralgasynda bir kemançy kyrk bäş minutlap Bahyň alty sazyny ýerine ýetirýär. Kyrk bäş minudyň dowamynda şol duralgadan takmynan iki müň adam geçýär. Adamlar ilkinji on minutda üýtgeşik sazyň ýaňlanýandygyny aňyp, säginjek ýaly eden hem bolsalar, soň olar ýene ädimlerini ýygjamlaşdyryp, şol ýerden arany açmak bilen bolýarlar.
On minut çemesi soň, üç ýaşlaryndaky bir çagajyk säginip durýar-da, kemançyny diňlemekçi bolýar. Ýöne ejesi elinden çekip, ony halys diňlemäge goýmaýar. Çagajyk kemançyny diňlejek bolup, ýene kürtdürip durýar welin, ejesi onsoň ony idenekledip diýen ýaly alyp gidýär. Garaz, sazandany diňlemek üçin säginenler kileň çaga bolýar. Ýöne ene-atalaryň bary hem alňasaňlyk bilen ellerinden çekeläp, olary alyp gidýärler.
Kemançy kyrk bäş minutlap durman saz çalýar. Onuň sazyny bary-ýogy alty adam, onda-da juda az salymlyk diňläp durýar. Kemança takmynan ýigrimi adam pul oklaýar. Şeýlelik bilen ol agşama çenli ylaýyk otuz iki dollar üýşürýär.
Bir sagatdan soň sazanda saz çalmagy bes edýär. Goh-galmagal tapba kesilen ýaly bolýar. El çarpýan, ýa bolmasa, sazanda berekellasyny ýetirýän ýeke adam hem çykmaýar. Duralgadaky adamlaryň biri hem ýaňky sazandanyň dünýä belli kemançy Joşua Belldigini bilmeýär. Ýogsa, dek iki gün öň Joşua Bell şol bir sazlary Bostonda, adamdan hyryn-dykyn doly zalda ýerine ýetiripdi. Her kimiň ýüz dollara bilet alyp girýän şol zalynda ol adamzat taryhynda döredilen iň çylşyrymly hem iň agyr hasaplanýan sazlary 3,5 million dollara ýerine ýetiripdi.
Dünýä belli kemançy Joşua Bell hakykatdan hem «Waşington Post» gazeti tarapyndan geçirilen ylmy derňew işine gatnaşyjy hökmünde şahsyýetini gizläp, metro duralgasynda saz çalypdyr.
***
Eger biz dünýäniň iň ussat sazandasynyň ýerine ýetirýän dünýäniň iň naýbaşy eserlerini hem diňläp bilmejek derejede alňasap gidip barýan bolsak, onda adaty durmuşda, gör, nämeleriň deňinden biparh geçip gidýändiris.

Paýlaşýan suratlaryňyzyň awtoryny bellemegiňiz mümkinmi? 🙂