
Bagtlylyk gözläp ýören birnäçe adam bir ýagşyzadaň ýanyna gelip:
−Siz bagtly bolmak üçin näme edýäňiz−diýip sorapdyrlar.
Ýagşyzada ýylgyrypdyr-da:
−Ýatan wagtym ýatýan, turan wagtym turýan, ýöräýän wagtym ýöreýän, nahar iýemde nahar iýýän− diýip jogap beripdir.
Gelenleriň biri bu jogapdan nägile bolup:
−Haýyş edýäs bizi ýaňsa almaň! Aýdan zatlaryňyzy bizem edýäs. Bizem ýatýas, nahar iýýäs, ýöreýäs. Ýöne biz bagtly bolup bilemzok. Siziň syryňyz nämede? –diýip sorapdyrlar.
Ýagşyzada ýaňky jogabyndan ýeke harpam üýtgetmän:
− Ýatan wagtym ýatýan, turan wagtym turýan, ýöräýän wagtym ýöreýän, nahar iýemde nahar iýýän− diýipdir.
Azrak garaşandan soň sözüniň üstüni ýetiripdir:
“Hawa, sizem ýatýaňyz, nahar iýýäňiz we ýöreýäňiz. Ýöne ýatan badyňyza turmak aladasyny edýäňiz. Turan badyňyza bir ýerik gitmäň aladasyny edýäňiz we baran ýeriňizde hem näme iýmelidigini soraýaňyz. Bu ýagdaýda hem pikiriňiz belli bir durmaly ýerinden durman, hemişe başga-başga ýerlerde ygyp ýör (gezip ýör.). Ýöne durmuş diýlen zat geçmiş bilen gelejegiň arasynda duran ýeke pursatdan ybarat. Sizem bar ünsüňizi ine, şu düşündirip bolmajak, ölçäp bolmajak pursata beriň. Şeýdeniňizde bagtlylygy tapyp bilersiňiz− diýipdir.
