«Seniň deňiň-taýyň ýok»

Wemmiksler diýip tagtadan ýasalan oýunjak halk bar eken. Bu giden tagta oýunjaklary hol depedäki ussahanasynda Eliý atly neçjar ýasapdyr. Wemmiksleriň hemmesi bir adamyň elinden çykanam bolsa, her biri üýtgeşik edip ýasalypdyr. Käbiri iri gözli, käbiri ullakan burunly, käsi uly, käsi kiçi, käsi papakly, käsi paltoly.

Wemmiksleriň hemmesi bir şäherjikde ýaşap, her gün şol bir işi edýän ekenler. Ol iş hem birek-birege medal dakmak. Her wemmiksiň elinde hökman çal nokatly ýa-da altyn ýyldyzly medal bolupdyr. Eger wemmikslerden biri özüni gowy alyp barsa, gelşikli geýinse, gaty ylgap bilse, çeper gürlese, aýdym aýdyp bilse, beýige böküp bilse, altyn ýyldyzly medal dakýarlar. Ýöne kim bulary edip bilmese, çal nokatly medal dakýarlar.

Punçiýello hem bularyň hiçisini etmeýänleriň hataryna goşulýardy. Sebäbi ýokaryk bökjek bolanda ýykylany üçin beýlekiler gelip, oňa çal nokatly medal dakýarlar. Ýykylan wagty tagta zyýan bereni üçin ýene çal medal dakýarlar.  Näme üçin ýykylandygyny düşündirjek bolanda ýalňyş söz ulanany üçin ýene çal medal dakýarlar. Soňabaka onuň üstünde medal dakar ýaly ýekeje ýer galmandyr. Şonuň üçin daşarygam çykyp bilmändir. Şonda-da bar güýjüni jemläp, daşaryk çyksa-da, altyn ýyldyzly medal dakynan wemmiksler:

− Oňa entegem kän çal medaldan dakmaly. Ol gowy oýunjak däl – diýýärler.

Belli bir wagt geçenden soň Punçiýello özi hakda aýdylýan zatlara ynanyp başlaýar. Ýöne derrew özüni dürseýär, beýdip ýaşap bolmajagyna gözi ýetýär. Ol öz-özüne:

−Men erbet wemmik däl – diýýär-de bar gaýratyny jemläp, täzeden daşaryk çykýar.

Bir gün şäherçjikde ýaşaýan üýtgeşik wemmik gyza gabat gelýär. Onuň üstünde hiç hili medal ýokdy. Ady Lusiýa eken. Beýlekiler ol gyzy gören batlaryna owadanlygyna haýran galyp, altyn ýyldyzly medal dakjak bolupdyrlar. Ýöne dakan medallary ýere gaçýan eken. Näçe medal dakjak bolsalaram teý başartmandyr.

Punçiýello: «Bu nädip beýle bolýar?» diýip oýlanypdyr-da gyzyň ýanyna baryp soraýar.

Lusiýa bolsa: «Bu örän aňsat. Her gün Eliý ussanyň ýanyna gatnadym, ol maňa munuň nädip boljagyny öwretdi» diýip jogap berýär.

Punçiýello: «Eliý ussa diýdiňmi?» diýýär.

Lusiýa: «Hawa, Eliý ussa. Men her gün onuň ussahanasyna gidip, oturyp gaýdýan» diýýär.

Lusiýa Punçiýellonyň aňk-taňk bolup oturanyny görüp:

«Näme üçin senem gidip, derdiňe derman gözläňok? Şol depä baryp bilseň bolany» diýýär. Soňra oýunjak gyzjagaz medallary bolmany üçin arkaýyn bökjekläp gidiberýär.

Punçiýello Lusiýanyň yzyndan: «Ol meni kabul edermikä?» diýip gygyryp galýar. Lusiýa muny eşitmeýär.

Punçiýello öýüne barýar-da, penjiräniň gyrasynda oturyp, beýlekileri synlaýar:

«Bu edýänim ýalňyş!» diýip, Eliý ussanyň ýanyna gitmeli diýen netijä gelýär.

Depä tarap ýola düşüp, dar ýollardan geçip, ussahana barýar. Punçiýello ussanyň işleýän äpet stolyny görüp, doňup galýar. Gözleri hanasyndan çykaýjak bolýar. Hiç kim ýokmuka diýip yzyna gaýtjak bolan-da ýogun we ynamly ses:

«Salam, Punçiýello! Usshana gelmegiň gowy boldy. Gel, saňa bir esawan edeýin» diýip seslenýär.

Punçiýello yzyna öwrülip, sakally ussa seredýär-de:

«Adymam bilýän ekeniňiz» diýýär.

Eliý ussa: «Elbetde, bilýän. Seni men ýasadym» diýip, Punçiýellony egilip alýar-da stoluň üstünden goýýar.

Eliý ussa çal medallary görüp: «Sen erbet bahalar alana meňzeýäň» diýýär.

Punçiýello gynanyp: «Her näçe synanyşsamam başarmadym» diýýär.

Eliý ussa bolsa: «Balajyk, düşündirjek bolup azara galma. Meniň üçin beýleki wemmiksleriň näme pikir edýäni gyzykly däl» diýýär.

Punçiýello haýran galýar:  «Hakykatdanam, şeýlemi?»

Ussa: «Seniň üçin hem şeýle bolmaly. Olar kim bolýarmyş, saňa medal dakyp ýörer ýaly. Şeýle dälmi, Punçiýello! Olaryň näme pikir edýändigi wajyp däl. Esasy zat, men sen hakda näme pikir edýän. Meň pikirmçe, sen şeýle gowy» diýýär.

Punçiýello ýylgyryp: «Menmi? Gowumy? Näme üçin? Men çalt ýöräp bilemok, ýokaryk böküp bilemok, reňkimem solup barýar. Näme üçin men seniň üçin gowy?» diýip soraýar.

Eliý ussa ellerini Punçiýellonyň egnine goýup: «Sen meniňki ahyry. Sen meň gözümde aýratyn ornuň bar. Şonuň üçinem gelersiň diýip garaşdym» diýýär.

Punçiýello näme diýjegini bilmän durýar, az wagtdan soň: «Men hiç hili medaly bolmaýan birine gabat gelenim üçin bu ýere sizi görmäge geldim» diýýär.

Eliý ussa: «Bilýän, ol maňa sen hakda gürrüň berdi» diýýär.

Punçiýello: «Onuň üstünde näme üçin medal duranok?» diýip soraýar.

Eliý ussa inçe ses bilen bu syry düşündirýär: “Sebäbi ol başgalaryň özi hakda näme diýýänleri bilen gyzyklamaýar. Medallar diňe başgalaryň diýýän zadyny kabul etseň, üstüňde ýelmeşip galýar”.

 Punçiýello düşünmän: «Näme diýdiňiz?» diýýär.

Eliý ussa: «Medallar wajyp zatmyka diýip pikir etseň, ýagny sen rugsat berseň, üstüňde gaçman durýar» diýýär.

Punçiýello egnini gysýar: «Men doly düşünip bilemok».

Eliý ussa onuň bolşuna ýylgyrýar: «Düşünersiň, düşünersiň. Doly düşünmegiň üçin wagt gerek. Sebäbi üstüňde köp medal bar. Seniň meniň üçin nähili aýratynlygyňy ýatladyp durarym ýaly, her gün ýanyma gel!»

Eliý ussa Punçiýellony stolundan düşürýär. Myhmany gapydan çykyp barýarka: «Ýadyňdan çykarma! Sen meniň üçin deňsiz-taýsyz. Men aňsat-aňsat ýalňyşmaýan» diýýär.

Punçiýello yzynda gelýän sese kän üns bermeýär. Ýöne içinden: «Bu meselede örän tutanýerli öýdýän» diýýär. Gidip barýarka, bir çal medal öz-özünden tark edip gaçýar.

 

Leave a comment