Kör bilen agsak

Bir kör adam tokaýda peýwagtyna gezip ýörkä atdanlykda büdräp ýüzin ýykylypdyr. Üsti-başyny kakyşdyryp turjak bolanda agsak adama çolaşyp ýykylandygyna göz ýetiripdir.

Ikisem çök düşüp birek-birege derdinşip başlapdyr. Körä adam: «Gözüň görmese-de kyn, tokaýa giräýdim welin yzymy tapman geçdim.»

Agsagam: «Meniňem ýöremäge ýagdaýym bolmany üçin tokaýdan çykyp bilmän ýörün.»

Agsak azrak dymyşlykdan soň köre ýüzlenip:

−Dost, seniňem tokaýdan çykasyň gelýär, meniňem çykasym gelýär. Gel, onda ikimizem ukyplarymyzy (güýjümizi) birleşdireli. Sen meni arkaňa hopba et (al), menem saňa ýol salgy bereýin. Şeýdip ikimizem tokaýdan halas bolarys.

 ***

Agzybirlikde güýç bardyr. Güýçli bolasy gelýän adamlar güýçlerini bir ýerik jemlemeli.

Leave a comment