
Bir bagban aňrybaş agaç ýetişdirmegiň kül-külüne düşüpdir. Agajyň gowy çykmagy üçin gerekli şertleriň üpjün edilmelidigine gözi ýetip duran bagban, nahal oturtjak ýerini mazaly gazypdyr. Ýatan-turan daşlary, çöp-çalamy göwnejaý arassalapdyr. Emele gelen çukura hasylly topragyň gumuny ders bilen garyp döküpdir. Soň nahalyny ekipdir. Şeýlelikde eken nahalynyň köki daş-kesege, çöp-çalama degmän arkaýyn gol ýaýradyp ösüp biljekdi.
Nahal bagbanyň garaşyşy ýaly, kökleri ýeriň jümmüşinde örňäp, ese-boýa galyp agaja öwrülip barýan eken. Bagban beýle çalt ösýän agajyna buýsanyp, suwyny, dermanyny, ýylylygyny, ýagtylygyny ýeke gün yrýa etmän beripdir. Hatda agaja geljek ýagtylyga böwet bolmasyn diýip töweregindäki ösümlikleri hem çapyşdyyryp çykypdyr.
Bir günem duýdansyz harasat gopýar. Harasat şeýle bir güýçli eken welin, bir ýerde agaç bar bolsa kökünden sowuraýjak bolýarmyş. Bagbanyň eken agajynyň kökleri ýapyşara daş ýa-da başga bir ösümligiň köküni tapmandyr. Agaç harasatdan basylyp ahyry bir ýana agypdyr. Kökleri daşyna çykyp ýatanmyş. Beýleki agaçlara bolsa hiç zat bolmandyr.
