«Gözlerimi aýawly sakla!»

Bir ýaş ýigit gözi görmeýän gyzy söýüpdir. Ol gyzy şeýle bir söýýän eken welin, oňa elinden gelen kömegi gaýgyrmaýan eken. Gyz günlerde bir gün:

− Eger meni görýän bolanlygyňda maňa öýlenermidiň? – diýip sorapdyr.

Ýaş ýigit:

− Elbetde, men seni tüýs ýürekden söýýän. Seniň bilen şu halyňda-da toý ederin − diýipdir.

Bir günem gyz operasiýa bolup, gözlerini çalyşdyrýar. Ahyrynda gyzyň gözleri özüni söýýän ýigidi görüp biljek ýagdaýa gelýär. Tolgunyp, gözleriniň sargysyny aýranda, ýigit öňünde dur eken.

Gyz görse, ýigidiň gözüniň owasy hoňkaryp dur diýýär. Umytsyzlyga uçran gyz tamasy çykmansoň gama batýar:

− Men on iki süňňi abat oglansyň öýdýärdim welin, gözleriň ýok eken. Gaty görme, men seň bilen durmuş gurup bilmerin − diýipdir-de ötägidipdir. Gidip barýarka arkasyndan:

− Gözlerimi aýawly sakla – diýen sesi eşidipdir.

Leave a comment