Ustrisa

Ustrisa bir gün gabygynyň içine çäge tozunyň girendigini bilip galýar. Ol çägäni hernäçe daşyna çykarjak bolsa-da teý başarmandyr. Çägäniň hötdesinden gelip bilmedik ustrisa kömek soraýar, kömege gelenlerem çägäni aýryp bilmeýär.

Şeýdip ýyllar ötýär. Ahyry bir gün ol agyrysyndan dynýar. Sebäbi ustrisanyň özi bir gabyň içine giren. Adamlar onuň içinde birigen çägäni çykaryp, ustrisany täzeden deňze göýberýärler. Şol çykarylan çägä «dür» diýip at berýärler.

Ustrisanyň çägäni düre öwürmegi ullakan gudratdyr. Ol içine gaçan çägäni düre öwrüp bilýän bolsa, biz adamlar içimizde ýatan gymmatlyklarymyz bilen nähili zatlary öndüreris?!

Leave a comment