Tekepbir Goblen

Ullakan jaýyň myhman otagynda bir haly bar eken. Köplenç, uly adamlar, çagalar, käwagtam myhmanlar üstünde oturyp, halyny köneldýän ekenler. Diwarda asylgy duran gadymy goblen halysy bolsa basgylanýan ýerdäki halyny kemsidip:

− Nähili onsoň? Üstüňden basylanda özüňi nähili duýýaň? – diýip ýaňsa alypdyr.

Ýerdäki haly hem müzzerip durman jogap beripdir:

− Men-ä sen ýaly özümi asdyrasym gelenok. Ýerde ýazylgy bolup, üstümden adamlaryň geçmegini, peýdalanmagyny isleýän. Men adamlaryň durmuşynda aňsatlyk döredýärin. Sen ýaly diwarda bezeg bolup duramok – diýipdir.

Asylgy duran haly:

− Hamana diwarda asylgy dursaň, adamlaryň durmuşyna goşant goşmaýan ýalymy? Meniň gadymylygymyň özem adamlara lezzet berýär. Ha-ha, men diwarda arassaja durýan. Sen bolsa ýerde basgylanyp, tüýdüm-tüýdüm bolýaň – diýipdir.

Ýerde ýazylgy duran halyň sesine suw sepilen ýaly bolýar. Öňler, täzeje wagty beýle däldi. «Nätjek, men ütülip, çüýräp hyzmat etmeli-dä. Olam diwarda asylgy durup hyzmat edýär. Aslynda biraz gijirägem bolsa diwarda dursaňam çüýremeli. Şoň üçin meniňki ýaly gymmaty ýok» diýip içini gepledipdir.

Ýöne günlerde bir gün ýerdäki haly ymykly könelipdir. Öýüň bikesi:

− Halyň diňe aýak basylýan ýerleri tüýdülipdir. Diwardaky halyny şu könelen ýere ýazsam gowy bolar. Soňky güner diwardaky halyny görsem, içim gysyp başlaýar. Her gün şoňa seredip oturmaly, ýok, bu meniň ýüregime düşýär – diýip diwardaky halyny alaga-da, ýerdäki halynyň ütülen ýerlerini ýapmak üçin ýazypdyr.

Şeýdip, diwardaky haly ýaňsa alyp, üstünden gülen halysynyň aýbyny ýapmak üçin ýere ýazylýar. Ýöne ýerdäki haly onuň üstünden gülmeýär. Ondan ar aljak bolubam durmaýar. Sebäbi oňa basan her aýak aryny alyp berýärdi.

***

Adam ýaş wagty, güýji dyňzap durka beýleki adamlary özünden pes göregen bolýar. Bu juda ýalňyş hereket. Sebäbi gelejekde onuň näme boljagy, seniň näme boljagyň belli däl. Şonuň üçin hem «Öňüm gelenden soňum gelsin» diýmeli.

Leave a comment