
Horasanda ýaşap geçen Abu Abdyrahman Hatam ibn Ýusup Asam (Alla oňa rehmet etsin!) döwrüniň beýik pirleriniň biridir. Ol fetwa bermekde we takwalykda meşhur bolupdyr. Aýtmaklaryna görä, ol ker bolmasa-da, özüni kerlige salyp gezipdir.
Hezreti Hatam Asam dünýäden gaýdandan soň, ýagşyzadalaryň biri ony düýşünde görüp, ondan:
— Alla saňa näme etdi, nähili muzd berdi? – diýip sorapdyr. Ol:
— Bir eşiden zadymy eşitmezlige salanym üçin Haktagala meniň eşiden we gören günälerimi bagyşlady – diýip jogap beripdir.
