
Hezreti Ybraýym (a.s.) Nemrut bilen gepleşende, Nemrut oňa:
— Seniň Hudaýyň kim? – diýýär. Ol:
— Meniň Rebbim direldýän hem öldürýändir – diýip jogap berýär.
— Direltmek we öldürmek pelekdäki (asmandaky) hereketleriň we ýyldyzlaryň aýlanyşygy bilendir. Biz hem öldürip ýa-da diri saklap bilýäris.
— Haktagalanyň bu äheňde gudrat görkezişi pelekleriň we ýyldyzlaryň hereketleri sebäpli diýip çak edenimizde-de, pelekleriň we ýyldyzlaryň hereketleri hem başga biriniň araçyllygyny talap edýär. Bu zatlaryň arkasynda başga bir soňsuz güýjüň durmagy hökmanydyr. Ýogsa, her bir hereket başga bir sebäbe mätäçdir. Bu sebäplere mätäçlik hem gutarmaz. Diýmek, her zat beýik Ýaradanyň takdyryna bagly. Ýerdäki hadysalar pelek hadysalaryna bagly bolaýanda-da bu zatlar Haktagalanyň gudraty we rehmeti bilen bolýandyr. Diýeli, ýerdäki hadysalar asmandaky hereketler arkaly bolýarmyşyn. Onda, hany aýt, Allatagala gudraty bilen her gün Güni Gündogardan dogrup, Günbatarda ýaşyrýar. Sen ýekeje gezek Güni Günbatardan çykaryp, Gündogardan ýaşyr, göreli!
Nemrut Ybraýym pygamberiň (a.s) bu delillerinden soň jogap tapman dymyp galýar.
