
Bir gün Ymam Ebu Hanyfa (radyýallahu anh) metjitde otyrka, bir topar kapyr gelip, ony öldürjek bolýarlar. Ymam Agzam olara:
— Menden bir meseläni diňläň, soňra isläniňizi edip bilersiňiz – diýýär.
— O nähili mesele?
— Men agyr ýükli gämi gördüm. Ol hiç hili dolandyryjysyz, çarh aýlaýjysy bolmazdan deňziň ortarasynda dogry-düz gidip barýan eken.
— Bu bolup bilmejek zat. Çünki gämiçi bolmazdan gäminiň özbaşdak hereket etmegi mümkin däl.
— Subhanalla! Onda asman jisimleriniň, ýydyzlaryň, ýokarky-aşaky älemiň düzgün-nyzamly hereketde bolmaklary bir gäminiň hereketinden has geň dälmidir?! Ýekeje agyr ýükli gäminiň ýolbeletsiz we gämiçisiz hereket etmekligi mümkin bolmaýan bolsa, bu giden asman jisimleriniň we Ýeriň eýesiz, goragçysyz, dolandyryjysyz hereket edip durmaklygy nädip akylyňyza sygýar?!
Bu gürrüňi eşiden kapyrlaryň ählisi jogap tapman, dillerini ýuwdan ýaly bolýarlar. Soňra olaryň köpüsi musulman bolýar.
