
Bir gün patyşa Kubat awa-şikara çykýar. Aw meýdanynda bir ýekegapanyň yzyndan kowup, janpenalaryndan daşlaşýar. Howa yssy bolansoň, ol mazaly suwsaýar. Birnäçe wagt ýöränden soňra hol uzakda dikilen birnäçe çadyra gözi düşýär. Patyşa çadyrlaryň işigine gelip, özüni myhman almaklaryny soraýar. Şonda bir çadyrdan ýaşuly aýal çykyp, patyşanyň atynyň jylawyny tutýar, ony öýüne salýar. Baryndan bazar eýläp, oňa hödür-kerem edýär. Patyşa Kubat iýip-içensoň, az-kem dynç almak üçin uklaýar. Ol agşama çenli oýanman ýatýar. Ukudan oýanan wagty, eýýäm agşam düşen eken. Patyşa Kubat gije olaryň ýanynda galmaklygy ýüregine düwýär. Doly agşam gatyşansoň, meýdanda otlap ýören sygyrlar çadyrlara tarap gelýär. Ýaňky ýaşulynyň on iki ýaşly akylly hem-de edepli gyzy bar eken. Ýaşuly gyzyna ýüzlenip:
─ Gyzym, bar, biraz süýt sagyp getir, men hormatly myhmana hödür-kerem edeýin – diýýär.
Gyzjagaz sygyrlaryň birinden eslije süýt sagyp getirýär. Kubat muňa haýran galyp, öz içinden: «Bular biziň adyllygymyzyň saýasynda bu sährada arkaýyn ýaşaýarlar. Her gün esli süýdi bu mallardan sagyp alýarlar. Eger bular bir hepdäniň bir gününde sagýan süýdüni soltana berseler, üýtgeşik agram düşmez, gaýtam, döwletiň hazynasyna peýda berer» diýip pikir edýär we köşge dolanandan soň bu niýetini amala aşyrmagy ýüregine düwýär. Gije ýatyp, irden turanlarynda, gyzjagazyň ejesi gyzyna ýene-de süýt sagyp gelmekligi tabşyrýar. Gyzjagaz sygryň süýdüni sagyp ugrandan aglap gygyrmaga başlaýar:
─ Eje jan! Tur! Doga-dileg et, patyşamyz zulum etmekligi ýüregine düwüpdir. Kubat bu çagajygyň özüniň bu pikirinden nädip habarly bolandygyna haýran galýar. Ýaşuly aýal gözýaş döküp, dileg edip başlaýar. Kubat ol aýaly ýanyna çagyryp:
— Patyşanyň zulum etmek niýetiniň bardygyny nireden bilýäňiz? – diýýär. Ýaşuly aýal oňa şeýle jogap berýär:
— Her gün irden biziň sygrymyz köp süýt bererdi. Bu gün bolsa onuň süýdi kesildi. Başga hiç hili sebäp ýokdy. Biz patyşamyzyň ýaramaz niýeti ýüregine düwendigini aňdyk. Çünki patyşa zulum etmeklige niýetini düwse, Allatagala ýerden bereketi we haýry alýandyr. Onuň zyýany hemmelere ýetýär. Eger-de patyşa haýyrly işe niýet etse, Päk hem Beýik Ýaradan şeýle bir haýyr-bereket eçilýär welin, onuň täsiri jümle-jahana ýeter.
Kubat onuň aýdanlaryny tassyklap, gaflatdan oýanýar we ýüregine düwen niýetinden dänýär. Soňra gyzjagaz ýene-de ýaňky sygry sagýar welin, ondan öňküsi ýaly bol süýt alýar. Şeýdip, patyşa Kubat zulum etmekden ýüz öwrüpdir. Onuň bu ýagşylygynyň täsiri öz perzendi Nowşirwana-da ýetipdir. Ol hem älemde adalatlylyk we ynsaplylyk ýaýradypdyr.
