Çarwa arabyň getiren delili

Bir kapyr çarwa araba:

— Ýaradanyň barlygyna näme deliliň bar? – diýip soranda, çarwa arap oňa şeýle diýipdir:

— Düýäniň gumalagy geçip giden düýäniň bardygyna, aýak yzlary bir ötegçiniň bolandygyna delil bolýan bolsa, munça ýyldyzly asman, nijeme jaýrykly zemin we tolkun atyp duran deňizler – bularyň ählisi Hikmetli hem Gudratly Ýaradyjynyň bardygyna äşgär delildir.

Leave a comment