Nowşirwan we kempir

Bir gün patyşa Nowşirwan özüniň Medaýyndaky köşgüni giňeltmek isleýär. Onuň köşgüniň golaýynda bir garry enäniň pukara külbesi bar eken. Garry ene güzeranyny ýeke-täk baýlygy bolan sygrynyň süýdi bilen aýlaýan eken. Köşgüň binasy galdyrylandan soň, garry enäniň öýi köşgüň öň tarapynda galypdyr. Nowşirwan garry enäni ýanyna çagyryp:

— Eger razy bolsaň, men seniň bu öýüňi diýen bahaňa satyn  alaýyn. Sen galan ömrüňde hiç zada mätäçlik çekmersiň – diýýär. Garry ene:

— Eý, patyşahym! Hiç bir baýlyk, hiç bir mal-mülk her gün seniň mübärek ýüzüňi görmegimden we seniň  adyllyk saýaňda ýaşamagymdan ýokary bolup bilmez – diýýär. Nowşirwan:

— Sen jaýyňy satmaga razy bolmasaň, men seni mejbur etmekçi däl – diýip, onuň öýüne degmezligi tabşyrýar.

Patyşa dabaraly garşy alnanda, garry enäniň sygry daşarda köşgüň düşekdir halyçalaryny tezegi bilen hapalaýan eken. Bu ýagdaýy döwlet emeldarlary-da görýän eken. Garry enäniň kiçijik külbesini Nowşirwanyň beýik köşgüniň ýanynda gören her bir adam onuň aňrybaş adyl bolandygyna göz ýetirýär. Nowşirwanyň şu adalaty onuň  adynyň hemişelik ýagşylykda ýatlanmagyna sebäp bolupdyr.

Leave a comment