Zyndyk patyşa we musulman wezir

Gadym zamanlarda Alla ynanmaýan, ýüregi kapyrlyga golaý bir patyşa bolupdyr. Onuň akylly musulman weziri bar eken. Weziriň bar pikiri, arzuwy patyşany dinsizlikden, batyl ýoldan gaýtarmak eken. Şol döwürlerde weziriň ýylda bir gezek ýurduň patyşasyny myhmançylyga çagyrmaklyk däbi bar eken. Bir ýyl wezir patyşa ýüzlenip:

— Eý, patyşam! Bu bende patyşamyzy myhmançylyga çagyrmak isleýär. Ýöne bu gezekki myhmançylyk ot-suwsuz, şor ýerde boljakdyr – diýýär. Patyşa geň galyp:

— Heý-de suwsuz, otsuz, şor ýere myhman çagyrylarmy? – diýýär. Wezir:

— Eý, patyşam! Şol ýerde hiç kimiň gurmadyk beýik-beýik binalary, hiç kimiň suw-joýa gazmadyk akyp duran çeşmeler, hiç kimiň ekmedik gözel bagy-bossanlary bar – diýýär. Patyşa gülüp:

— Sen näme, däliräýdiňmi? Heý-de ussasyzam bir bina bolarmy?! – diýýär. Şonda wezir oňa şeýle diýýär:

— Şeýle sanlyja hem çäkli binalaryň ussasyz emele gelmegi akyla sygmaýan bolsa, asmandaky hem-de Zemindäki munça täsinliklerdir geň-taňlyklaryň Ýaradyjy bolmazdan emele gelmegi nähili akyla sygýar?!

Patyşa onuň bu sözlerini diňläp oturşyna, oýa batýar. Kän eglenmänem belli karara gelýär we dogry ýola düşmek bagtyna miýesser bolýar, musulmanlygy kabul edýär.

Leave a comment