Laçyn we dazzarkel

Bir taýpanyň Hurmuzan atly bir patyşasy bolupdyr. Ol hakda bu kitabyň öňki sahypalarynda maglumat berlendir. Bu patyşa aw awlamagy diýseň gowy görýän eken. Ömrüniň köp bölegini aw edip geçirer eken. Ol bir gün golundaky owadan awçy laçyna seredip durka, guşy birden ýere gaçyp ölüpdir. Patyşa muňa gaty gynanypdyr. Ol wezirlerinden:

— Laçyn näçe ýyl ýaşaýar? – diýip sorapdyr. Olar:

— Laçynyň iň uzak ömri ýigrimi ýyldan geçmeýär – diýipdirler. Patyşa:

— Dazzarkel näçe ýaşaýar? – diýipdir. Olar:

— Ýedi ýüz ýyla çenli – diýipdirler.

Patyşa bu sözlere haýran galyp oýa batypdyr. Ol akyllylygy, ylymlylygy bilen tanalan bir alymy çagyryp, bolan wakany oňa gürrüň berip, ondan bu iki guşuň ýaşlarynyň beýle tapawutly bolmagynyň sebäbini sorapdyr. Ol alym:

— Laçynyň ömrüniň gysga bolmagynyň sebäbi, ol zalym. Zalymyň ömri gysga bolýandyr. Dazzarkel kanagatly guş, kanagatlynyň ömri bolsa uzak bolýar – diýip jogap beripdir.

Hurmuzan beren ýerlikli jogaby üçin alyma minnetdarlyk bildiripdir. Oňa alkyş aýdyp, «Meniň ýüregimden uly ýüki aýyrdyň. Maňa peýdaly maslahat berdiň» diýipdir. Patyşa şondan soň adyllyk ýolundan ýöremeklige ymtylypdyr. Şeýdip, onuň döwri bahar pasly dek şady-horramlykda geçipdir.

Leave a comment