
Bir gün müminleriň emiri hezreti Omar (radyýallahu anh) metjide gelýär. Metjitde bir aýal maşgala iki sany ýaşajyk çagasy bilen aglap oturan eken. Ol aýal ellerini asmana göterip: «Eý Alla! Sen Omardan meniň arymy alyp ber! Sen ikimiziň aramyzda adalatly kazysyň» diýip dileg edýän eken. Müminleriň emiri hezreti Omar (r.a) onuň ýanyna barypdyr. Aýal hezreti Omary (r.a) tanamandyr. Hezreti Omar (r.a) oňa:
— Eý hatyn, Omar saňa näme etdi? Ondan saňa näme zyýan geldi? — diýip soraýar. Ol aýal:
— Meniň adamym kapyrlara garşy söweşe gidipdi. Ol bir söweşde şehitlik bagtyna ýetdi. Bu iki çagany ýetim goýup gitdi. Men bular bilen bile çykgynsyz hala düşdüm. Olary eklemek maňa gaty agyr düşýär. Garyplygym zerarly çagalarymy iýdirip-geýdirip bilemok. Hazyna bolsa Omaryň elinde. Omara ýetimleriň, dullaryň hallaryndan habar tutup durmek, olaryň ýagdaýlary bilen gyzyklanmak parz ahyryn – diýipdir. Bu sözleri eşiden hezreti Omar (r.a) köp aglapdyr. Soňra ýaňky aýala:
— Eý hatyn, Omar men! Tur-da meniň bilen öýe gel – diýip, çagalaryň birini sag egnine, beýlekisini bolsa çep egnine alyp, öýüne tarap ýola düşüpdir. Çagalaryň ejesi bolsa olaryň yzy bilen ýöräp gelýär eken. Hezreti Omar (r.a) öýünde bolan zadyndan olara-da beripdir. Geýmäge egin-eşik, iýmäge azyk beripdir. Soňra undan doly haltany egnine alyp, ýaňky aýalyň öýüne barypdyr. Oňa ýüzlenip: «Biçäre Omardan razy bolanyň üçin Allatagala saňa razylyk donuny geýdirsin!» diýipdir.
Bu hekaýaty okanymyzda, müminleriň emiri hezreti Omaryň (r.a) örän adalatly, aňrybaş pespäl, diýseň sabyrly we çydamly adam bolandygyna göz ýetirýäris. Onuň durmuşy iki dünýä bagtyýarlygyny gazanmak isleýän hökümdarlaryň hemmesi üçin görelde alarlyk sapakdyr.
