
Bir gün Kisra köşgünde otyrka, aşpezi onuň öňünde supra taýynlaýar. Ol tabaklary saçakda goýup durka, birdenkä elindäki tabakdan bir bölek nahar Kisranyň eşigine dökülýär. Kisra bu ýagdaýa gaharlanyp, aşpezi jezalandyrmagy buýurýar. Bu permany eşiden aşpez tabakdaky naharyň hemmesini Kisranyň depesinden guýýar. Kisra aşpezden:
— Näme üçin beýtdiň? – diýýär. Aşpez:
—Eger-de säwlikden eden sähelçe ýalňyşym üçin meni jezalandyrsaňyz, adamlar sizi ýazgararlar we «Säwlik bilen edilen kiçijik hata zerarly hyzmatkärini öldürip, zulum etdi» diýerler. Men adamlaryň size zalym diýmeklerini rowa göremok. Şonuň üçinem tabakdaky naharyň hemmesini bilgeşleýin kelläňizden dökdüm. Eger jezalandyrmak isleseňiz, bilmezlikden eden kiçijik günäm üçin däl-de, bilkastlaýyn eden uly günäm üçin jezalandyrsaňyz, dogry bolar – diýipdir.
Aşpeziň bu sözleri Kisra ýaraýar we onuň günäsini geçip, halat-serpaý ýapýar.
