
Ümeýýeogullary halyflarynyň içinde Omar ibn Abduleziz adalatlylyk, takwalyk zynaty bilen bezenen hem-de dört çaryýarlaryň ýörelgesini, ahlagyny dikelden halyfdyr. Ol hiç haçan dünýe malyna göz gyzdyrmandyr, onuň mübärek başy iki günlük dünýäniň lezzetiniň öňünde egilmändir. Onuň öwgüli häsiýetleri dillerde dessandyr.
Bir gün emeldarlar olja bilen gelen müşki Omar ibn Abduleziziň huzurynda paýlapdyrlar. Şonda halyf tä müşk paýlanyp gutarylýança, eli bilen burnuny ýapyp oturypdyr. Ondan burnuny ýapyp oturmagynyň sebäbini soranlarynda, halyf: «Meniň musulmanlaryň malynda hakym ýok. Müşküň peýdasy onuň ysydyr. Eger men onuň ysyny alsam, nähak ýere kişiniň hakyndan peýdalandygym bolar. Birdenkä şol sebäpli kyýamat gününde hasap bermeli bolaýmaýyn» diýipdir.
