
Bir gün hazyna degişi miweleri Omar ibn Abduleziziň ýanynda gerekli adamlara paýlap otyrkalar, onuň şol ýerde oýnap ýören ogly ylgap gelip, duran almadan birini alyp dişläýipdir. Müminleriň emiri dessine almany oglunyň agzyndan çekip almaga ýetişipdir. Şonda oglanjygyň agzy ýaralanypdyr. Çagajyk aglap, ejesiniň ýanyna barypdyr we kakasynyň bu hereketini aýdypdyr. Ejesi bazardan alma getirdip, onuň öňünde goýupdyr. Omar ibn Abduleziz öýüne gaýdyp gelende, bir sebet almany görüp:
— Bulary nireden getirdiňiz? Musulmanlaryň beýtul-malyndan alan dälsiňiz-ä hernä?! – diýipdir. Aýaly hüňürdäp:
— Ýekeje alma üçin meniň oglumyň agzyny ýaralapsyň – diýipdir. Halyf aýalyna şeýle jogap beripdir:
— Bu maňa aňsat düşendir öýdýäňmi? Ol maňa ähli zatdan kyn düşdi, ýöne men ýekeje alma zerarly adyllygyň sogabyndan mahrum galyp, adymyň ýagşy kişileriň hataryndan bozulmagyny islemedim.
