Emirlik näme?

Kaýs Hazym gürrüň berýär:

– Men bir gün agşam Omar ibn Abduleziziň mejlisindedim. Ol ötüp geçen hökümdarlaryň, halyflaryň ajaýyp sypatlary, öwgüli häsiýetleri we adalatlary hakyndaky gürrüňleri diňläp otyrdy. Arasynda özi-de hikmetli gürrüň berýärdi. Oturanlaryň içinde araplaryň arasynda sylanýan taýpadan hem bir kişi bardy. Ol:

— Eý, müminleriň emiri! Emirlik näme? Onuň esaslary nämä daýanýar? – diýip sorady. Omar ibn Abduleziz oňa şeýle jogap berdi:

─ Özüň üçin halamaýan zadyňy başgalara-da rowa görmeli däldir. Pygamberimiz aleýhisselam «Musulmanlar bir jan-bir tendir» diýipdir. Bedeniň bir agzasy ezýet çekse, onuň zyýany beýleki agzalara-da ýeter. Edil şonuň ýaly, haýsydyr bir musulmana zulum edilse, bu ezýetiň täsiri beýleki musulmanlara-da ýetmelidir. Mundan başga-da, musulman dilinden we elinden başga bir musulmana zyýan ýetirmeli däldir. Hasan Basry (r.a): «Bir musulman sen zerarly ýekeje gije ezýet çekip ýatsa, kyýamat güni seniň işiň waý bolar» diýýär. Mundan başga-da, emir hiç kime tekepbirlik bilen garamaly däldir. Çünki, Hudaýtagala tekepbirleri Özüne duşman görýär. Pygamberimiz aleýhisselam mydama öz garyp sahabalarynyň ýanyna gidipdir, garry eneler bilen söhbet edipdir. Eger olar Özünden bir zat isleseler, olaryň hajatyny bitirmän başga işe geçmez eken.

Mundan başga-da, emir şugulçylara, gep gezdirýänlere ynanmaly däldir. Bir adam seniň ýanyňda başga birini ýamanlasa, ol hökmany suratda seni hem başga biriniň ýanynda ýamanlar. Mundan başga-da, emir ýaşululara hormat etmelidir we ejiz çagalara merhemet görkezmelidir. Musulmanlar bilen güler ýüzli bolmalydyr. Beren wadasyny hökman ýerine ýetirmelidir. Çünki ähte biwepalyk ýaramaz häsiýetdir, bu patyşalar üçin has erbetdir. Mundan başga-da, adamlaryň mertebelerini we derejelerini göz öňünde tutmalydyr. Her kimiň ylmyna, adamkärçiligine görä hormat etmelidir. Biz öz işimizi şu ýörelgeleriň esasynda ýola goýduk. Ertirki gün Hudaýyň halan we Onuň azabyndan gutulan bendelerinden bolarys diýip umyt edýäris.

Leave a comment