Öz-özüňe zulum etmek

Hajjajyň emirlik edýän döwründe bir gün Şagby oňa halka zulum edýänligi üçin käýäpdir. Hajjaj bir dinar puly terezide ölçäp, Şagbanyň eline berýär-de:

─ Basranyň bazarlaryna bar we bu altyn dinary dükanlaryň ählisinde ölçäp gör. Gör, onuň agramyna näme diýerler – diýipdir.

Şagby dükanlaryň haýsyna baranda, alyş-çalyş edýänler ony satmak isleýändir öýdüp, dinaryň agramyny az aýdyp, bir mysgaldan ýeňilräkdigini öňe sürüpdirler. Olaryň aýdýan agramlary biri-biriniňkiden tapawutly bolupdyr. Şagby Hajjajyň ýanyna gelip, oňa gören-eşidenlerini aýdyp beripdir. Hajjaj oňa:

— Pylan ýere bar, şol ýerde pylan hili öý bardyr. Öýüň gapysyny kak. Öý eýesi gapyny açar welin, oňa şu dinary ölçäp bermegi haýyş et. Ol muny ölçäp, bir mysgal agramynyň bardygyny aýdar. Soňra ondan «Hajjaj saňa zulum etdimi?» diýip sora – diýýär.

Şagby onuň aýdan öýüne barýar. Öýüň eýesi altyny ölçäp, onuň agramynyň laýyk bir mysgaldygyny aýdýar. Şagby ondan:

— Hajjajdan saňa zulum-sütem ýetdimi? – diýip soraýar. Ol:

— Ýok. Men onuň döwletinde asuda ýaşaýaryn. Ol başgalaryň zulum elini  menden daşlaşdyrýar – diýýär. Şagby haýran galyp, yzyna dolanýar we öý eýesiniň aýdanlaryny Hajjaja ýetirýär. Şonda Hajjaj oňa şeýle diýýär:

— Sen bu ýagdaýa düşünmänsiň. Adamlar özlerine zulum etdigiçe, Allatagala hem olara zulum eder ýaly, meni olaryň üstüne musallat edýär. Eger olar Allanyň öňünde dürs hem sadyk bolup, günä işlerden daş dursalardy, olary ynjytmaga bognum ysmazdy – diýýär.

Leave a comment