
Ybraýym Yshak Ukaýly Haşymiýe atly ýerde aradan çykýar. Müminleriň emiri Mansur onuň jynazasyna gatnaşýar. Onuň tabydyny egninde göterip, gonamçylyga çenli äkidýär. Adamlar bu ýagdaýa geň galýarlar. Sebäbi Ybraýym Ukaýly halyfyň duşmanydy, halyf ony ýigrenýärdi. Ebu Musa halyfdan:
— Eý, müminleriň emiri! Ybraýym Yshak Ukaýly dirikä ony duşman görýärdiňiz we oňa hiç hili ýagşylyk etmediňiz. Ölenden soň oňa ýakyn bolmagyňyzyň sebäbi näme? – diýip soraýar. Halyf:
— Hiç bir akylly adam ölen adamy ýigrenmez, çünki hemmämiz ahyrynda ölüm şerbetini datjakdyrys. Men özümiň güýjüme we ýörgünli permanlaryma garamazdan, meni ony öldürmekden we gylyjymyň onuň ganyna boýalmagyndan saklan hem-de kösençsiz meniň maksadymy hasyl eden beýik Allatagala şükür edýän – diýipdir.
Ebu Musa bu jogaby eşidenden soň, halypa berekella aýdyp, onuň akylly, düşünjeli hökümdardygyna haýran galandygyny aýdypdyr.
