Sowal

Taryhy kitaplarda beýan edilişine görä, Nowşirwanyň şalyk mertebesiniň asmana göterilip, demi dag ýarýan döwründe jahan şalary, älemiň hökümdarlary onuň hyzmatynda durupdyrlar, sowgat-serpaýly ýanyna gelipdirler. Bir gün hindi rajasy, türk hakany we rim kaýseri onuň ýanynda wagty, olaryň arasynda şeýleräk söhbetdeşlik bolupdyr. Nowşirwan rim kaýserine ýüzlenip:

— Sen haýsy işi etmegi has gowy görýärsiň? – diýipdir. Kaýser:

— Maňa köp ezýet çekdiren bir günäkäriň günäsini bagyşlamagy hemme zatdan gowy görýärin – diýipdir. Soňra Nowşirwan Hindistanyň rajasyna şol sowaly beripdir. Ol:

— Men gijesine maşgalam bilen ikiçäk rahatlykda ýatan wagtym gowy adamlaryň meniň adyllygym sebäpli hiç zatdan gorkman, rahat  ýatmaklaryny, erbetleriň bolsa meniň haýbatymdan ýaňa bikarar bolup, gözlerine uky  gelmezligini ähli zatdan gowy  görýärin – diýipdir. Olar şol sowaly Nowşirwanyň özüne-de beripdirler. Ol:

— Men hiç zatdan gorkman ýaşar ýaly, bigünä bolmaklygy gowy görýärin – diýipdir. Onuň bu jümlesi hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) «Zalym adam gorkak bolar» diýen hadysyndaky hikmeti ýada salýar.

Leave a comment