Adalat galasy

Çeşmelerde maglumat bermeklerine görä, Ysmaýyl Samany Horasany zabt etmek üçin ýörişe çykýar. Ol bir bölek goşuny öňden iberýär. Şol goşunyň serkerdesi Ysmaýyl Samanyň diwanyna hat ýazyp, onuň pikirini soraýar: «Patyşamyz bize aýtsyn, biz duşman bilen garşylaşanymyzda nähili ýarag bilen uruşmaly? Bir ýerde düşlän leşgeri nähili usulda saklamaly?» diýipdir. Emir Ysmaýyl onuň hatyna şu jogaby ýazyp, tugra basypdyr: «Din ýaly adamy saklaýjy-goraýjy zat ýokdyr. Hiç bir gala bolsa adalatlylykdan berk däldir. Wessalam!»

Leave a comment