Itler we tilki

Aýtmaklaryna görä, halyf Abdylmelik Merwan Musgap Zubeýre garşy söweşe çykýar. Şonda birsalym paýtagtyny boş goýýar. Wizantiýaly häkimlerdir serkerdeleri öz aralarynda, «Mundan gowy pursat ele gelmez. Biziň kaýserimiz Merwanyň ülkesine çozmaly. Çünki Merwan häzir Musgaba garşy söweş alyp barýar. Onuň ýurduny ele salmak üçin gaty oňat pursat» diýişýärler. Olar bu tekliplerini kaýsere ýetirýärler. Kaýser: «Siziň bu pikiriňiz dogry däl. Olara garşy söweşe girmek bizi uly zyýana goýar. Men muny size bir mysal bilen düşündireýin» diýýär. Onuň tabşyrygy bilen iki sany iti getirip, olary uruşdyrýarlar. Itler biri-birileri bilen gazaply uruşýarlar. Edil şol wagt kaýser bir tilkini getirip, olaryň ýanyna goýbermeklerini tabşyrýar. Itler tilkini görenden öz aralaryndaky urşy taşlap, tilkiniň üstüne topulýarlar we ony para-para edýärler. Soňra kaýser adamlaryna ýüzlenip: «Biz olara garşy söweşimiziň soňy hem edil şular ýaly bolar. Eger biz Merwanyň ýurduna çozsak, Merwan bilen Musgap birleşip, bize garşy çykarlar. Biz bolsa olaryň birleşen güýjüniň öňünde durup bilmeris» diýýär. Wizantiýanyň alymlary we häkimleri bu işiň aňyrsyndaky hikmeti görüp, kaýsere öwgüli sözleri aýdýarlar we özleriniň pikirleriniň ýalňyşdygyny ykrar edýärler.

Leave a comment