Dirilik suwy

Rowaýatlaryň birinde gürrüň berilmegine görä, bir gün Jebraýyl perişde Süleýman pygambere (aleýhisselam) bir bulgur dirilik suwuny getirýär we oňa: «Beýik Ýaradan saňa ygtyýar berdi. Sen tä kyýamata çenli diri galmak üçin gapdaky suwy içip bilersiň» diýýär. Süleýman aleýhisselam bu meseläni jynlar, ynsanlar we haýwanlar bilen maslahatlaşýar. Olaryň hemmesi baky ömre eýe bolmak üçin oňa bu şerbeti içmekligi maslahat berýärler. Süleýman aleýhisselam geňeşilmedik haýwan galdymyka diýip oýlanyp otyrka, birden kirpi bilen geňeşmändigi ýadyna düşýär. Şeýlelikde, ol ata kirpiniň çagyryp gelmegi buýurýar. Emma kirpi bu çakylyga gelmeýär. Soňra Süleýman aleýhisselam onuň yzyndan iti iberýär. Bu gezek kirpi onuň huzuryna gelýär. Süleýman aleýhisselam oňa:

— Hany, aýt bakaly, seniň bilen bir pikiri geňeşmek üçin ilki aty iberenimde näme üçin gelmediň?! Ýogsam, ol adamdan soňra iň abraýly-mertebeli haýwan. Emma iň pes mertebeli haýwan bolan iti iberenimde bolsa geldiň. Munuň hikmeti nedir? – diýip soraýar. Kirpi:

— It pes mertebeli jandar hem bolsa, wepalydyr. Ol bir adamdan bir döwüm çörek iýen bolsa, ömrüniň ahyryna çenli oňa wepadar galýandyr. Şeýdip, biwepalaryň sözüne däl-de, wepadaryň islegine görä geldim – diýip jogap berýär.

Süleýman aleýhisselam:

— Maňa bir bulgur dirilik suwuny berdiler. Ony içip-içmezligi öz erkime goýdular. Hemmeler maňa ony içmekligi maslahat berýärler. Sen näme diýersiň? – diýýär. Kirpi:

— Sen ony ýeke özüň içmelimi ýada çagalaryň, maşgalaň, dostlaryň bilenmi? – diýýär. Süleýman aleýhisselam:

— Ýok, ýeke özüm içmeli – diýipdir. Kirpi:

— Meniň pikirimçe, ony yzyna ber! Içme!

— Näme üçin?

— Sebäbi, diňe seniň ömrüň uzak boljak bolsa, onda seniň ähli dostlaryň, aýalyň we çagalaryň senden öň gözüň alnynda ölerler. Sen bolsa olaryň hersi üçin aglarsyň, gam çekersiň. Durmuşyň gam-gussa ýugrulsa, gaty gyr bolar. Dost-ýarlaryň senden jyda düşenden soň, olarsyz bu dünýe saňa dar geler. Olarsyz bu durmuşdan ne peýda?

Süleýman kirpiniň bu pikirini makullap, dirilik şerbetini yzyna gaýtarypdyr.

Leave a comment