
Mälim bolşy ýaly, Aleksandr Makedonly ençeme ýurtlary basyp alýar. Nijeme patyşalar oňa tabyn bolýarlar ýa-da oňa garşy eden söweşlerde başlaryny goýýarlar. Aleksandr Makedonly bütin dünýäni doly eýelemek we ähli adamzady golastyna almak isleýär. Emma ol döwrüň şalaryny, at-owazaly soltanlaryny öňki orunlarynda goýsa, olaryň her biriniň gozgalaň turzup, pitne çykarmagyndan howatyrlanýar. Şeýlelik bilen, ol bu meselede Aristotel bilen maslahatlaşmagy ýüregine düwýär. Ol akyldaryň ýanyna baryp:
— Eger maslahat bilseň, men patyşalaryň we şazadalaryň ählisini heläk edip, olaryň ýerine özüme tabyn boljak adamlarymy bellejek – diýýär.
Şonda Aristotel oňa şeýle maslahat berýär:
— Hormatlanýan patyşalary öldürmek we gadymy gadymy medeniýetleri weýran etmek belent mertebeli patyşalara muwapyk däldir. Ýöne meniň maslahatymy alsaň, olaryň her birine derejelerine görä welaýat ber-de, olary bir-birine garşy edip goý! Goý, olar biri-birileri bilen gapma-garşy bolsunlar, öz aralarynda garpyşyp ýörmekden ýaňa gozgalaň turuzmaga, saňa garşy çykmaga elleri ýetmesin.
Aleksandr Makedonly bu pikiri goldaýar we syýasatyny şoňa görä ýöredýär. Bu kada Aleksandr Makedonlydan soňam müň ýyllap dowam edipdir. Aristoteliň şol garaýşy bilen Aleksandr Makedonlynyň döwletiniň sütünleri sarsman, berk durupdyr.
